Jul 19, 2022 20:21 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Russiýanyň prezidentleriniň duşuşygy

Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýanyňprezidentleri Tähranda duşuşyp pikir alyşdylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, şu gün agşam (sişenbe) Tährana gelen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, howa menziline gelen badyna prezident edarasyna gitdi we Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýanyň prezidentleri dürli pudaklarda, şol sanda energiýa, tranzit we söwda dolanşyk gatnaşyklary giňeltmek we sebitdäki wakalar barada pikir alyşdylar.

Raisi bilen Putiniň arasyndaky gepleşiklerden soň Eýranyň we Russiýanyň prezidentleri Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri bilen duşuşmaga gitdiler.

Russiýanyň prezidenti, Astana ýa-da Siriýanyň parahatçylyk etabynyň ýedinji ýygnagyna gatnaşmak üçin Tährana geldi.

Bu üç taraplaýyn ýygnakda Raisi, Ärdogan we Putin Siriýadaky soňky wakalar we terrorçylyga garşy göreş, şol sanda DAEŞ we PKK barada hem-de Siriýaly bosgunlaryň öýlerine meýletin gaýdyp gelmek meselesini ara alyp maslahatlaşarlar.

Tags