Kazemi Komi: giňişleýin hökümet gurmak Owganystanyň häzirki ýagdaýyndan çykmagyň ýoludyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili, giňişleýin hökümet gurmak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmagy Owganystanyň häzirki ýagdaýyndan çykmagyň ýeke-täk ýoly hasaplady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili "Hasan Kazemi Komi", Owganystan meselesi boýunça Daşkentde geçiriljek halkara we sebit sammitiniň öňüsyrasynda Yslamabat şäherine gitdi we anna güni, Pakistanyň käbir ýokary derejeli resmileri bilen duşuşandan soň IRNA bilen geçiren söhbetdeşlikde Owganystanda terrorçylygyň ýaýramagyndan alada bildirýändigini aýtmak bilen soňky bir ýylda DAEŞ Owganystanda geografiki, gurluş we guramaçylyk taýdan giňeldi we munuň üstüne Amerikanyň tagallasy Owganystanyň durnuklylyga we howpsuzlyga tarap hereket etmezligi üçin şert döretmegidir diýdi.
Kazemi Komi, Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystan baradaky alyp barýan syýasatynyň, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň buýruklaryna laýyklykda halkyň pikirlerine esaslanýandygyny aýtmak bilen Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleriniň beýanyna görä, hökümetler gelip gitýärler emma adamlar galýarlar, şonuň üçin şeýle paýhasly pikir bilen Yslam respublikasy Talyban hökümdarlary bilen gatnaşyk saklamak syýasatyny ileri tutdy we munuň sebäbi howpsuzlyga, durnuklylyga we Owganystanyň ykdysady taýdan dikelmegine kömek etmekdir diýip beýan etdi.
Ol şeýle-de Pakistanyň Daşary işler ministri we bu ýurduň premýer-ministriniň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili bilen geçiren duşuşyklaryna yşarat edip Päkistan häkimiýetleriniň garaýşy Owganystana oňyn we bu ýurduň döwlet işgärleri Owganystanda durnuklylygy we hemişelik howpsuzlygy ýola goýmaga ünsi çekýärler diýdi.