Feb 16, 2018 22:30 Asia/Ashgabat
  • Şamhani:terrorizme garşy göreşe Eýran goldaw berýändir

Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani terrorizme garşy göreşi alyp barýan ýurtlara Eýranyň goldaw bermegi Sionist režiminiň howpsyzlygyny üpjün etmek ugurdaky eziji düzgüniň täze abzalyny şowsyzlyga uçradandyr diýdi.

şu gün Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Siriýa goşuny arkaly Sionist režiminiň uruş uçarynyň urulyp ýere gaçyrylmagyny Eýranyň üstüne oklajak bolup Amerika we Sionist režimiň resmileriniň tagallalaryna yşarat edip Amerika we Sionist režimi Eýranyň hemde çydam toplumynyň başga işjeň taraplarynyň kuwwatlanmagy barada howatyr edýändir diýip nygtap geçdi.

Siriýa goşunynyň howa hüjümlere garşy göreşýän güýçleri 10-nji Fewralda bu ýurdyň topragyna el-gatan Sionist režiminiň bir harby uçaryny urup ýere gaçyrdy.

Ali Şamhani şeýle-de çydam toplumynyň serkerdeleri we harbylary Yrak we Siriýada terrorçy daeş toparynyň basyp alyjylyklaryna soň berişi ýaly mukaddes Kudus şäherini azat etmek bilen ýasama Sionist režiminiň basyp alyjylygyny hem tamamlajakdyrlar diýdi.

Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani şeýle-de Amerikanyň içinde amala aşýan ýaragly hüjümlere we okuwçylaryň gyrana berilmeklerine yşarat edip Amerika başga ýurtlaryň içeri işlerine goşulmagyň deregine gowsy öz howpsyzlygyna üns bersin diýdi.

Tags