Sep 06, 2024 12:10 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Amerika gara taryhyny ýapyp bilmez

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatyşýandygy baradaky toslamalary ret etmek bilen Amerika ýurtlaryň içerki işlerinde gatyşmagy baradaky gara ýazgylaryny basyryp bilmez diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani" ABŞ-nyň Baş prokurorynyň, Eýrany hem öz içine alýan käbir ýurtlaryň ABŞ-nyň prezident saýlawlarynyň prosesine we netijelerine täsir etmek üçin agressiw çäreleri görendigini öňe sürmeginiň jogabynda, bu aýyplamany esassyz, duşmançylykly we Amerikada içerki syýasy maksatly hasaplady we beýle aýyplamalary ret etdi.

Kanani şeýle hem ABŞ-nyň hökümetiniň ýurtlaryň içerki işlerine bikanun gatyşmak we weýrançylykly hereketler bilen baglanyşykly uzak taryhyna salgylanyp, ABŞ hökümeti içerki problemalary we krizisleri beýleki ýurtlary günäkärlemek bilen beýleki ýurtlara degişli edip bilmez we garaşsyz ýurtlaryň içerki işlerine goşulyşmagy we bikanun hereketleri baradaky gara ýazgylaryny basyryp bilmez diýdi.

FBI we ABŞ-nyň beýleki birnäçe aňtaw gullugy bilelikdäki beýannamada Eýranyň Respublikan partiýanyň dalaşgäri Donald Trumpyň kampaniýasynyň kiber aralaşmagyna we prezident saýlawy üçin Demokratik dalaşgär Kamala Harrisiň saýlaw kampaniýasyna hüjüm etmek synanyşygyna gatnaşandygyny öňe sürdiler.

Şeýle hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Baş prokurory ýakynda Amerikanyň saýlaw kampaniýalaryna täsir etmek üçin Eýranyň hüjümleriniň güýçlenýändigini öňe sürdi.

ABŞ-da prezident saýlawy 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçiriler.

Tags