Sep 16, 2024 16:07 Asia/Ashgabat
  • Ynkylabyň ýokary derejeli lideri:

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri "Yslam ymmatynyň" gymmatly şahsyýetini goramagyň zerurdygyny aýtmak bilen "Yslam ymmaty" meselesini asla ýatdan çykarmaly däldir diýip beýan etdiler.

Ýokary Lideriň edarasynyň maglumat bazasyna görä, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy Hezretleri Aýatolla Hameneýi, duşenbe güni tutuş ýurt boýunça alymlaryň, juma ymamlarynyň we sünni ylahyýet mekdepleriniň müdirleriniň ýygnagynda, birleşik hepdeliginiň başlanmagy we Pygamberimiziň ( saw) mübärek doglan güni mynasybetli geçirilen dabarada, "Yslam ymmatynyň" gymmatly şahsyýetini goramagyň zerurdygyny we Yslam agzybirliginiň ähmiýetini we erbet niýetli adamlaryň ony ýoýmak üçin edýän tagallalaryna yşarat etmek bilen "Yslam ymmaty" meselesini hiç wagt ýatdan çykarmaly däldigini aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri şeýle-de Yslam ymmatynyň şahsyýeti meselesi, milletden çykýan esasy meseledir we geografiki çäkler yslam ymmatynyň hakykatyny we şahsyýetini üýtgetmeýär diýdiler.

Hezretleri şeýle hem musulmanlary yslam şahsyýetine biperwaý etmek üçin duşmançylykly tagallalara ünsi çekip, musulmanlaryň Gazada ýa-da dünýäniň beýleki künjeklerinde başga bir musulmanyň görgülerini ýatdan çykarmagy yslam taglymatlaryna garşydyr diýip sözlerine goşdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri sünni alymlaryny yslam şahsyýetine we yslam ymmatyna bil baglamaga çagyrdylar we erbet niýetli taraplaryň yslam dünýäsinde, esasanam Eýranda dini tapawutlary güýçlendirmek üçin niýetlenen meýilnamalaryna we işlerine ünsi çekip, olar intellektual, wagyz-nesihat we ykdysady serişdeleri ulanmak bilen biziň ýurdumyzdaky şaýylary we sünnileri we beýleki yslam sebitlerini birk- birkden aýyrmaga synanyşýarlar we taraplardan adamlary töhmet atmaga mejbur etmek ýaly hereketler bilen, birkemsizlige we düşünişmezlige sebäp bolýarlar diýip beýan etdiler.

Hezreti Aýatolla Hameneýi, bu dildüwşüklere garşy göreşmegiň usuly we elajy Agzybirlige we birleşige bil baglamakdygyny aýtmak bilen, Agzybirlik meselesi taktika däl-de, Guran ýörelgesidir diýip nygtadylar.

Hezretleri şeýle-de häzirki wagtda kesgitli borçlaryň biri Gazanyň we Palestiniň ezilen halkyna goldaw bermekdir we kimdir biri bu borjuna boýun egmese, hökman Hudaý tarapyndan sorag çekiler diýdiler.

Tags