Raisi CBS bilen söhbetdeşlikde: Kepilliksiz şertnama manysyz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i18834-raisi_cbs_bilen_söhbetdeşlikde_kepilliksiz_şertnama_manysyz
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Amerikalylaryň şertnamany bozmagy sebäpli kepilliksiz şertnamanyň Eýran Yslam Respublikasy üçin manysyzdygyny aýtdy.
(last modified 2022-09-19T00:31:46+00:00 )
Sep 19, 2022 05:31 Asia/Ashgabat
  • Raisi CBS bilen söhbetdeşlikde: Kepilliksiz şertnama manysyz

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Amerikalylaryň şertnamany bozmagy sebäpli kepilliksiz şertnamanyň Eýran Yslam Respublikasy üçin manysyzdygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, şu duşenbe güni irden neşir edilen Amerikanyň "CBS" kanalynyň 60 minutlyk programmasyna beren interwýusynda Eýran gowy we adalatly ylalaşyga gelmäge çynlakaý çemeleşýär, ýöne bu şertnamada Amerikanyň ondan ýüz öwrüp bilmejekdigi barada kepillik bolmalydygyny nygtady.

Raisi, Amerikalylar şertnamany bozdular,oňa görä beýleki tarap öz borçnamasyna wepaly bolmasa, şertnamanyň manysy bolmaz diýdip sözüne goşdy.