Feb 20, 2018 19:15 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:Eýranyň raketa programasy goranyş çäreler esasyndadyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýran Yslam Respublikasy raketa programasyny goranyş we öňüni alyş çäreler esasynda milleşdirendir diýdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Fransiýa we Britaniýanyň daşary işler ministerleriniň Eýranyň raketa programasy baradaky howatyrlanmalaryny delilsiz hasaplap Eýran usula laýyk gelmeýän bu hilli pozisiýalaryň ileri sürülmegini jogapkärçiliksiz bilýandir diýip yglan etdi.

Gasemi şeýle-de Eýranyň Ýemene ýarag ibermekde aýyplanmagyny hem ret edipÝemeniň goşuny we halyk güýçleri daşary kömeklere mätäç däldirler diýip nygtady.

Ýemeniň güýçli şekilde gabalyp duranlygyna we ilatynyň gahatçylyk we dürli keseller bilen ýaka towlaşyp duranlygyna üns bermek bilen Ýemen ilatyna raketa iberilmegi baradaky toslamalar gülkünçdir diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili nygtap geçdi.

Tags