Germaniýanyň daşary işler ministriniň aýdanlaryna Eýranyň daşary işler ministriniň reaksiýasy
Eýranyň Daşary işler ministri Germaniýanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasyna garşy täze sanksiýalar girizilmegi baradaky sözlerine reaksiýa bildirdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian twitterde Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Baerbokyň aýdanlaryna we Eýran Yslam Respublikasyna garşy täze sanksiýalar girizilmegine ünsi çekmek bilen Prowokatiw, dahylçylykly we diplomatik däl pozisiýalar kämillik we taktikany görkezmeýär diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de "Germaniýa umumy kynçylyklary çözmek üçin özara gatnaşyklary saýlap biler ýa-da gapma-garşylykly ýoluny öňe sürüp biler; Eýranyň berjek jogaby proporsional we aýgytly boljakdyr diýdi ".
Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Baerbok düýn twitterde Ýewropa Bileleşiginiň Eýranda demonstrantlary basyp ýatyrmagyna garşy çykýan täze sanksiýalara garaýandygyny mälim etdi.
Germaniýanyň Daşary işler ministri twitterde Eýrana garşy täze sanksiýalary düzmek boýunça işleriň dowam edýändigini ýazdy.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri duşenbe güni duşuşýarlar.