Nov 16, 2022 14:41 Asia/Ashgabat
  • Jebelli: Sanksiýalara garamazdan Yslam respublikasynyň sesi dünýäniň gulagyna ýeter

Eýran Yslam Respublikasynyň tele-radio Guramasynyň başlygy: "Press TV" ulgamy güýçli bäsdeşlerine garamazdan halkara arenasynda işleýär we sanksiýalara garamazdan Yslam respublikasynyň sesi dünýäniň gulagyna ýeter diýdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň tele-radio Guramasynyň başlygy Piman Jebelli çarşenbe güni hökümet wekiliýetiniň ýygnagynyň çäginde eden çykyşynda "Press TV" ulgamy güýçli bäsdeşlerine garamazdan halkara arenasynda işleýär we günbatarlylar bu minimal barlyga (desgalar we goldaw) çydap bilmeýärler diýdi.

Jebelli, Günbataryň söz azatlygy baradaky talaplaryna ters hereket edýändigini aýtmak bilen "Press TV" ulgamy mazmun taýdan halkara ulgamlary bilen çynlakaý bäsdeşlik edýär we sanksiýalara garamazdan Yslam respublikasynyň sesi dünýäniň gulagyna ýetirjekdigini aýtdy.

Eýranyň milli habar beriş serişdeleriniň başlygy şeýle-de Eýranyň serhrtaşa ulgamlary zerur tejribe we taýýarlykdan paýly bolany üçin hökman bu ýagdaýy ýeňip geçer diýip sözlerine goşdy.

Tags