Dec 18, 2022 17:26 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Nikaragua arasynda giňişleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

Eýran Yslam Respublikasy bilen Nikaragua Respublikasynyň arasynda giňişleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna iki ýurduň daşary işler ministrleri gol çekdiler.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Nikaragua Daşary işler ministri bilen Eýranyň Daşary işler ministriniň arasyndaky duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler.

Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amirabdollahian" -yň çakylygy boýunça Tährana gelen Nikaraguanyň Daşary işler ministri "Denis Monkada" ýekşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy we pikir alyşdy.

Yslam ynkylaby ýeňiş gazanany bäri, Eýran Latyn Amerikasynyň sebitindäki imperializme we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky global ulumsylyga garşy uzak taryhy bolan Nikaragua, Kuba, Wenesuela we Boliwiýa ýaly käbir ýurtlar bilen gowy gatnaşyk gurandyr.

Soňky ýyllarda Eýran bilen Latyn Amerikasynyň ösen ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe ösüşe bakan bolandyr we bu gatnaşyklar syýasy, ykdysady, söwda, senagat, energiýa, saglyk we beýleki ugurlarda giňelýär.

Tags