Jan 03, 2023 16:31 Asia/Ashgabat
  • Bageri Kani: Eýran, sanksiýalary ýatyrmak üçin gepleşiklerdäki pozisiýasyny nygtaýar

Eýranyň ýadro gepleşiklerindäki baş gepleşikçisi Eýran Yslam Respublikasy, sanksiýalary ýatyrmak üçin gepleşikleriň barşynda logiki pozisiýasyny nygtaýar diýdi.

Eýranyň uly gepleşikçisi Ali Bagheri Keni IRNA bilen geçirilen söhbetdeşlikde sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleriň soňky ýagdaýy barada beren gürrüňlerinde gepleşikler bir prosesdir we bu proses henizem dowam edýär we gepleşikler ýolunda hiç hili arakesme bolmady diýip nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary şeýle-de gepleşikleriň dowamlylygy saklandy we meseleler çynlakaý alnyp barylýar diýip beýan etdi.

Bageri Kani sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy sanksiýalary ýatyrmak gepleşiklerde logiki pozisiýasyny nygtaýandyr we Eýran Yslam Respublikasynyň logikasy kabul ederlidir diýdi.

Eýranyň ýokary derejeli gepleşikçisi şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň gepleşiklerdäki logikasy, ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump tarapyndan girizilen sütemli sanksiýalaryň doly ýok edilmegidir diýdi.

Bageri Kani sözüni dowam etdirip Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysady bähbidine garşy bolan päsgelçilikleriň doly aýyrylmalydygyny nygtady.

Tags