Amir Abdollahian: Ylalaşyk el-ýeterdedir; Amerika täze şertler döretmeli däldir
Eýranyň daşary işler ministri, Amerikan tarapy gapma-garşylykly beýanatlary bermekden we ýadro şertnamasy üçin täze şertleri teklip etmekden ýüz öwürse we özüni dogry alyp barsa, ylalaşygyň gazanyljakdygyny aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian sişenbe güni Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Eýrana garşy sanksiýalary ýatyrmak baradaky ýadro şertnamasy barada gürrüň gozgap Amerika özüni hakyky alyp barsa, ylalaşyk uzak däldir diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri sebit meseleleri barada-da şeýle diýdi: Eýran Türkiýedäki doganlary bilen hemişe özara gatnaşykda we umumy pikirde boldy, Damask bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklarda oňyn ösüş soňky ýyllarda Eýranyň edýän tagallalarynyň netijesidir.
Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy Damask bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklardaky islendik öňegidişligiň sebitdäki ýurtlaryň bähbidine boljakdygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy, iki ýurt bilen ýakyn gatnaşygy sebäpli bu maksada ýetmek üçin ähli tagallalaryny eder diýdi.
Amir Abdollahian Ukrainadaky wakalar barada-da şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy urşa garşy we syýasy çözgüt tapmagyny isleýär diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri käbir günbatar ýurtlarynyň Ukraina we bu ýurt krizisi baradaky Eýran Yslam Respublikasyna garşy galp wakalary ýazgardy we ony ret etdi.
Amir Abdollahian Owganystandaky wakalar we Owganystanyň wagtlaýyn dolandyryjy hökümetiniň aýal-gyzlary bilimden we işden mahrum etmekdäki özüni alyp barşyny Yslam dininiň garaýyşyna gapma-garşy bildi.
Eýranyň Daşary işler ministri Kawkaz bilen baglanyşykly gepleşikleriň, ýurtlaryň territorial bitewiligini saklamak esasy ýörelge bolup durýandygyny we sebitiň geosyýasatynda we sebit bölünişiklerinde hiç hili üýtgeşme girizilmeli däldigini aýtdy.