Gasemi: Eýrany aýyplamagyň döwri geçendir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahreýniň nebit geçiriji turba ýolunda ýüze çykan partlamada Eýranyň eli bolandyr diýip Bahreýniň resmileriniň esassyz toslamalaryny ret etdi.
düýn Bahreýniň daşary işler ministri Şyh Halid Bin Ahmad Al-Halypa bu ýurduň nebit geçiriji turba ýolunda ýüze çykan partlamada Eýranyň eli bolandyr diýip toslady.
geçen juma güni Bahreýniň asly nebit geçiriji turba ýoly partlady.
Bahram Gasemi Bahreýniň resmileriniň Eýrana ýapýan aýyplamalaryny ret edip bahreýnde bir hadysa ýüze çykan mahaly bu ýurduň resmileriniň ilki edýän işi Eýrany aýyplamakdyr diýip nygtady.
Gasemi şeýle-de bu hili esassyz aýyplamalaryň we oglan aldamalaryň wagty ötendir diýip sözüne goşdy.