ABŞ Kongresiniň 17 müň eýran raýatynyň ganhorlary bilen arabaglanyşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i20524-abŞ_kongresiniň_17_müň_eýran_raýatynyň_ganhorlary_bilen_arabaglanyşygy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary öz sargydynda ABŞ Kongresiniň mynafyklaryň terrorçy toparyna berýän goldawyny tankytlady.
(last modified 2023-02-10T06:55:22+00:00 )
Feb 10, 2023 11:55 Asia/Ashgabat
  • ABŞ Kongresiniň 17 müň eýran raýatynyň ganhorlary bilen arabaglanyşygy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary öz sargydynda ABŞ Kongresiniň mynafyklaryň terrorçy toparyna berýän goldawyny tankytlady.

ABŞ Kongresiniň 165 radikal agzasy, Eýrandaky bidüzgünçilikler tamamlansada, Partiýa däl bir karar bilen we Eýrandaky bidüzgünçilikler baradaky aýyplamalaryny gaýtalap, Eýranyň geljegini goldamak bahanasy bilen mynafyklaryň terrorçy toparyny we liderini goldadylar.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryndan Eýranyň käbir dürli sebitlerinde bidüzgünçilikler boldy we ilkinji günlerde bu bidüzgünçilikleriň ýaýramagynda käbir adaty we häzirki zaman habar beriş serişdeleriniň roly äşgär boldy.

Bu bidüzgünçiliklerde Amerikanyň, sionist režimiň we käbir Ýewropa ýurtlaryň syýasy liderleri, olaryň habar beriş serişdeleri, şeýle hem Günbatar tarapyndan goldanýan Eýrana garşy Pars metbugaty, Eýran halkynyň hukuklaryny goldamak şygary bilen gozgalaňçylary we ýurduň howpsuzlygyny bozýanlary goldamak-da hiç hili bir hereketden saklanmadylar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" anna güni twitterde şeýle ýazdy: Amerikan Kongresiniň 165 agzasynyň mynafyklardan goldawy dünýä Amerikan ulgamynyň terrorçylyk bilen çuňňur baglanyşygyny görkezdi.

Kanani Çafi sözüniň dowamynda: Elbetde, bu geň zat däl! DAEŞ-y döretmäge we ony gural höküminde ulanmaga başlan režim, 17 müň Eýran raýatynyň ganhorlaryny goldamak we syýasy taýdan ulanmakdan utanmaýar! diýdi.

1979-njy ýylda Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňişinden bäri, Eýran Yslam Respublikasynyň 17 müňden gowrak raýaty we işgärleri mynafyklaryň we beýleki terrorçy toparlaryň tarapyndan terror edildiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşiniň başyndan başlap, Amerikalylar mynafyklaryň terrorçylyk toparyny maliýe, syýasy we propaganda taýdan goldap başladylar.