Eýranyň deputaty: Tähran bilen Pekiniň bilelikdäki beýany Eýranyň halkara ulgamynda abraýyny görkezýär
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Geňeşiniň agzasy, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Hytaýa eden soňky saparyna oňyn baha bermek bilen Tähran bilen Pekiniň bilelikdäki beýany Yslam respublikasynyň güýjüniň we abraýynyň halkara ulgamyna täsirini görkezýär diýdi.
Şahriar Heýdari IRNA bilen geçirilen söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň Hytaýa eden saparyny strategiki hasaplap Eýran bilen Hytaýyň arasynda 25 ýyllyk strategiki resminamanyň durmuşa geçirilmegi bilen iki ýurduň ykdysady taýdan gülläp ösmeginde uly özgerişlikler bolar diýdi.
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň agzasy şeýle-de Hytaýyň Yslam respublikasyna edilýän basyşlary bilmek bilen 25 ýyllyk strategiki şertnama gol çekendigini aýtmak bilen Amerikanyň sanksiýalaryna garamazdan bu şertnamanyň geljegi ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesiniň ösmegine we iki ýurt üçin syýasy we medeni gatnaşyklaryň güýçlenmegine sebäp bolar diýdi.
Hytaý Eýran Yslam Respublikasynyň iň uly söwda hyzmatdaşydyr we Eýran gümrükhanasynyň 10 aýlyk statistikasyna görä, bu ýurt 12 milliard 600 million dollar bilen Eýranyň eksportynyň esasy ýeri bolandyr.