Wenesuelanyň Daşary işler ministri Eýran bilen giň gatnaşyklara ünsi çekýär
(last modified Fri, 03 Mar 2023 17:01:16 GMT )
Mar 03, 2023 22:01 Asia/Ashgabat
  • Wenesuelanyň Daşary işler ministri Eýran bilen giň gatnaşyklara ünsi çekýär

Wenesuelanyň Daşary işler ministri bu ýurduň beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy we Eýran Yslam Respublikasynyň Wenesuelanyň köne ýaranydygyny aýtdy.

Wenesuelanyň Daşary işler ministri “Iwan Hil Pinto”  Al-Maýadin" habar kanalyna beren interwýusynda bu ýurduň beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy we Eýran Yslam Respublikasynyň Wenesuelanyň köne ýaranydygyny aýtdy.

" Pinto" Karakas bilen Tähranyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilvändigini aýtdy we Eýranyň Wenesuelanyň irden bäri ýaranydygyny aýtdy. Wenesuelanyň daşary işler ministri öz ýurdunyň geljek ýigrimi ýyl üçin Eýran bilen strategiki ýaranlyk meýilnamasyna gol çekendigini aýtdy.

Iwan Hil Pinto, Wenesuelanyň Russiýa we Eýran bilen gatnaşyklaryna baha bermek barada beren interwýusynda Karakasyň Tähran we Moskwa bilen ýakyn arabaglanyşygynyň bardygyny aýtdy:Ol şeýle-de bu taraplaryň arasynda“Energetika, azyk, maglumat tehnologiýasy we transport pudagynda köp sanly taslama durmuşa geçirilýär diýdi. Pinto sözüniň üstüni ýetirdi: Karakas Tähran we Moskwa bilen hemişe aragatnaşyk saklaýar we olar bilen gaty berk gatnaşykda bolýar diýdi. Iň soňky ýagdaýda Eýranyň we Wenesuelanyň daşary işler ministrleri BMG-nyň Adam hukuklary geňeşiniň Ženewadaky ýygnagynyň çäginde duşuşdylar.

Wenesuelanyň bu ýokary derejeli resmisiniň Eýran bilen Wenesuelanyň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän we giň gatnaşyklara berýän ünsi, biri Günbatar Aziýada, beýlekisi Latyn Amerikasynda bolýan iki ýurduň geografiki uzaklygyna garamazdan garaýyşlaryny we umumy bähbitlerini göz öňünde tutmak manylydyr, Soňky onýyllyklarda Günbataryň, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gegemon syýasatyna we hereketlerine garşy çykýan Eýranyň Latyn Amerikasy ýurtlary bilen gatnaşyklary hemişe giňelýär. Hususan-da, Eýran Wenesuela, Kuba , Boliwiýa  we Nikaragua bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky imperializme we global tekepbirlige garşy çykmakda gowy gatnaşyklary gurdy .

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň işleriniň orunbasary Seýid Muhammet Hosseýni , Eýran Yslam Respublikasynyň Kuba, Nikaragua, Braziliýa, Çili, Wenesuela we beýleki Latyn we Günorta Amerika ýurtlary bilen gowy gatnaşygy bar diýendir.

 

Tags