Mar 10, 2023 16:06 Asia/Ashgabat

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlaryndan Eýranyň kazyýet bölüminiň birinji orunbasary general Haj Gasem Soleýmanyň şehit bolmagynda günäkärleri ýazgarmak, jogapkärçilige çekmek we jezalandyrmak üçin hyzmatdaşlyk etmeklerini haýyş etdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň öňki serkerdesi general "Gasem Soleimani" we Yrak Halk Mobilizasiýasynyň (Al-Haşd al-Shaabi) başlygynyň orunbasary "Abu Mahdi Al-Muhandis" we 8 ýoldaşy, 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda, Bagdadyň howa menziliniň golaýynda, Ak tamyň terrorçylykly hüjüminde we şol wagt Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti "Donald Trump" buýrugy we pilotsyz uçarlary tarapyndan atylan raketalar bilen şehit boldylar.

Şunuň bilen baglylykda EýranPrees gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Nýu-Delidäki Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň kazyýet başlyklarynyň (Ýokary Kazyýetiň başlyklary) ýygnagynyň birinji gününde Eýranyň kazyýet ulgamynyň birinji orunbasary Hojjat al-Yslam wal-Muslimeen "Muhammet Mosadeg" şehit bolan general Haj Gassem Soleýmanyň janyna kast etmek jenaýatyny ýazgardy we bu jenaýaty edeniň bir ýurduň başlygy höküminde jenaýaty aç-açan boýun alandygyny aýtmak bilen adalatyň ýerine ýetirilmegi bilen gyzyklanýan ýurtlar üçin adalatyň ýerine ýetirilmegi, şehit Soleýmanyň janyna kast edenleri jogapkärçilige çekmek we jezalandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmelidirler diýdi.

Duşuşygyň ilkinji gününde Hindistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Päkistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusyň kazyýet edaralarynyň ýolbaşçylary we Hytaýyň kazyýet ulgamynyň birinji orunbasary, degişli ýurtlarnyň kazyýet ulgamynyň gurluşyny gysgaça tanyşdyrdylar, we Korona epidemiýasy döwründe alyp barýan işleriniň tejribelerini paýlaşdylar.

Tags