Pezeşkian: Ýurdy we geljegi özümiz gurarys
(last modified Wed, 23 Apr 2025 10:31:44 GMT )
Apr 23, 2025 15:31 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian: Ýurdy we geljegi özümiz gurarys

Prezident Pezeşkian ýurdy we geljegi özümiz gurarys diýmekden maksat hiç kimiň daşary ýurtdan gelip, ýurdumyzy gurmajakdygydyr; bu ynanç bizde döredilse, hiç haçan beýlekilere garaşmarys we göz dikmeris diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian 1404-nji ýylyň 3-nji Ordibeheştynda çarşenbe güni geçirilen lukmançylyk bilimi boýunça milli konferensiýada Eýranyň geljekki nesliniň dogry bilim almagyny üpjün etmeli diýmek bilen mekdeplerimizdäki bilim usullary häzirki usullara laýyk gelmeýär we mekdepleriň dünýägaraýşyny we okuwçylaryň alýan bilim görnüşini üýtgetmegiň ýurduň geljegini kesgitlejekdigini bilmelidiris diýdi.

Prezident Pezeşkian sözüniň dowamynda geljekki neslimiziň bilim meselesinde goňşy ýurtlardan yza galmagy kabul ederliksiz. Bilim diňe bir ylym däl, eýsem ussatlyk, ynanç we ynamdyr. Bilim, garaýyşlaryna ýa-da ynançlaryna garamazdan halkym, watanym, dünýäm we ähli adamlaryň saglygy üçin bir zat bilmek, islemek we başarmakdyr. Bilim, başgalaryň görmedik adamlaryny görmek we agyry çekýän adamlaryň derdine we aglamalaryna ýetmekdir diýdi.

Pezeşkian şeýle-de aladaly pikiriň mekdepdäki bilimden başlanýandygyny belläp, bilim, kynçylyklara nähili garşy durmalydygymyzy öwredýär. Mekdeplerimizde ýurduň meselelerini özümiz çözüp biljekdigimizi öwretmelidiris diýdi. Ynamlary geçirmegiň görnüşi ýurdumyzyň geljegini gurýar, we biz hökümetde mekdepleriň meselelerini çözmegi ýüregimize düwdük diýdi.