Eýranyň prezidenti: Goňşy ýurtlar bilen ýakynlaşma syýasatyny güýçlendirmek Eýran hökümetiniň çemeleşmesi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti goňşy ýurtlar bilen ýakynlaşma syýasatyny güýçlendirmegi Eýranyň 13-nji hökümetiniň möhüm çemeleşmeleriniň biri hasaplady.
Prezidentiň maglumat merkeziniň beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi ýekşenbe güni Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bagtyýar Saidow bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary taryhy diýip häsiýetlendirmek bilen Eýran bilen Özbegistan gatnaşyklary ösdürmek üçin gowy çäreleri gören hem bolsalar, emma özara mümkinçilikleri göz öňünde tutup, gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak üçin has köp tagalla edilmelidir diýdi.
Raisi şeýle hem Özbegistana eden soňky saparyna yşarat edip degişli ministrlerden medeni we ykdysady ugurlarda, esasanam söwda, üstaşyr we oba hojalygy pudaklarynda ikitaraplaýyn şertnamalaryň ýerine ýetirilişini çaltlaşdyrmagyny isledi.
Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji "Bagtyar Saidow" hem öz ýurdunyň Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmek isleýändigini aýtmak bilen iki ýurduň we iki halkyň taryhy umumylyklaryna, çuňňur siwilizasiýa we medeni gatnaşyklaryna salgylanyp Eýranyň prezidentiniň Samarkanda eden saparyny iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypanyň açylmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.
Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň işini ösdürmek we güýçlendirmek üçin Eýran bilen baglaşylan şertnamalara salgylanyp Özbegistan baglaşylan şertnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalaryny eder diýdi.