Mar 14, 2023 15:53 Asia/Ashgabat
  • Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Eýran bilen Özbegistan häkimiýetleriniň maslahaty

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady diplomatiýa ministriniň orunbasary we Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesinde iki ýurdy gyzyklandyrýan meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady diplomatiýanyň ministriniň orunbasary "Mehdi Safari" Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji "Bagtyar Saidow" bilen duşuşanda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar şol sanda gümrük nyrhlary, transport tölegleri, ýeňillikli söwda we tranzit koridorlary barada pikir alyşdylar.

Tährana sapar eden Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bagtyar Saidow hem öz ýurdunyň Eýran bilen gatnaşyklary ösdürmek baradaky aýratyn garaýşyna ünsi çekdi we transport we söwda ugurlaryny taraplaryň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hökmünde agzady.

Eýran Yslam Respublikasy 1991-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Özbegistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi we 1992-nji ýylyň 10-njy maýynda iki ýurduň arasynda syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy.

Tags