Mar 16, 2023 12:17 Asia/Ashgabat

Eýranyň neşe serişdelerine garşy göreş merkeziniň Baş sekretary we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdelerine garşy jenaýat gullugynyň ýerine ýetiriji direktory neşe serişdelerine garşy göreş boýunça bäş ýyllyk hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekdiler.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni agşam Eýranyň neşe serişdelerine garşy göreş merkeziniň baş sekretary Iskandar Momeni bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşelere garşy göreş we jenaýat gullugynyň ýerine ýetiriji direktory hanym Gada Waliniň arasynda Wenada gol çekildi.

Eýranyň neşe serişdelerine garşy baş edarasynyň baş sekretarynyň aýtmagyna görä, Eýran bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky bäş ýyllyk hyzmatdaşlyk resminamasy Eýran Yslam Respublikasy üçin möhüm üstünlikdir.

Momeni, Eýran bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda neşe serişdelerine garşy göreş boýunça bäş ýyllyk hyzmatdaşlyk resminamasynyň jikme-jikliklerine ünsi çekmek bilen hemmeler Eýranyň neşe serişdelerine garşy göreşiň dürli ugurlarynda täsirli we aýgytly roluny nygtaýandyrlar diýdi.

Eýranyň neşe serişdelerine garşy göreş merkeziniň baş sekretary şeýle-de bäş ýyllyk resminamada neşe serişdelerine garşy göreş, talaplary azaltmak, bejermek we ygtyýarlyk bermek ýaly dört ugurda ylalaşylandygyny aýtdy.

Momeni, neşe serişdelerine garşy global göreşde öňdäki hatarda durýan ýurt hökmünde Eýranyň talaplarynyň Eýranyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň bäş ýyllyk resminamasynda getirilendigine yşarat edip bu halkara gurama bu meselede Eýrana zerur kömegi we hyzmatdaşlygy bermäge söz berdi diýdi.

Tags