Mar 18, 2023 21:54 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ylalaşyk tutuş sebitiň peýdasynadyr

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ylalaşyk tutuş sebitiň peýdasyna durnukly sebiti durmuşa geçirmek üçin hereketlendiriji güýç bolup biler diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ylalaşyk barada bellik ýazyp Eýran Yslam Respublikasy bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy baradaky habary 1401-nji ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri diýip hasaplamak bolar diýdi.

Kanani Çafi sözüniň dowamynda Yragyň we Oman soltanlygynyň tagallalary we yzarlamalaryndan soň Hytaýň kömegi bilen Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň täzeden başlamagy baradaky ylalaşyk, sebit hyzmatdaşlygynyň ýakynlaşmagynda we ösmeginde möhüm rol oýnar diýdi.

Eýranly diplomat şeýle-de Umumy bähbitlere esaslanýan sebitliligiň kölegesinde, örän möhüm geosyýasy pozisiýasy, baý energiýa çeşmeleri, tebigy baýlyk we tükenmez maliýe çeşmeleri bolan Günbatar Aziýanyň we Pars aýlagy sebitiniň geljeginiň sebitiň halkynyň gülläp ösmeginiň ýolunda boljakdygyna umyt edip bileris diýdi.

Kanani Çafi sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň sebit syýasaty soňky onýyllyklaryň dowamynda bir hili üznüksizlige we dowamlylyga eýe bolandyr diýmek bilen; gowy goňşuçylyk, umumylyklara ünsi jemlemek, düşünişmezlikleri çözmek we gepleşiklere we hyzmatdaşlyga gönükdirilen mehanizmleri güýçlendirmek, köpçülikleýin howpsuzlyk we sebitiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny bozýan faktorlar bilen garşylaşmak, geçen birnäçe onýyllygyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň tarapyndan nygtalýan ýörelgeler esasyndadyr diýdi.

Eýran bilen Saud Arabystanynyň Pekinde geçirilen gepleşiklerinde iki ýurt 10-njy martda anna güni 7 ýyldan soň diplomatik gatnaşyklaryny dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Tags