Amir Abdollahian Sebitiň geosyýasy ýagdaýynyň üýtgemegini ret etdi
Eýranyň Daşary işler ministri sebitiň geosyýasy ýagdaýynyň üýtgemegini ret edýändigini aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda: Kawkazdaky häzirki wakalara aýratyn üns berildi, sebäbi bu sebitdäki dartgynlygyň dowam etmegi Azerbaýjan respublikasy we Ermenistanyň iki tarapynyňam peýdasyna däldir we bu sebitdäki howpsuzlyk, tutuş sebitiň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň peýdasynadyr diýdi.
Amir Abdollahian sebitdäki geosyýasy üýtgeşmeler synanyşygynyň sebitdäki ýagdaýy has çylşyrymlaşdyrmagyna sebäp boljakdygyny aýtmak bilen sebitiň meselelerini dürli taraplaryň gepleşikleri we syýasy çözgütleri arkaly çözmeli diýdi.
Eýranyň daşary syýasat bölüminiň başlygy Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy barada-da şeýle diýdi: gowy öňegidişlik gazanyldy we iki ýurduň arasyndaky söwda alyş-çalyşlarynyň mukdary üç ýarym esse artdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Hytaýyň prezidentiniň global parahatçylyk we howpsuzlyk baradaky pikirini hem goldady.
Eýranyň daşary syýasat bölüminiň başlygy Tähran-Riýad gatnaşyklarynyň gaýtadan dikeldilmegi barada-da hem şeýle diýdi: Ýakyn wagtda Saud Arabystanyň Daşary işler ministri bilen duşuşar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dolanmagy we ilçihanalaryň açylmagy barada pikir alyşar.