mertebesi belent ýolbaşçysy: EÝranyň sebitdäki huzury Amerika bilen Ýewropa ýetýän ýeri ýokdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2149-mertebesi_belent_ýolbaşçysy_eÝranyň_sebitdäki_huzury_amerika_bilen_Ýewropa_ýetýän_ýeri_ýokdyr
Eýranyň Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy dünýäniň dürli künjeklerinde Amerikanyň pitne döredip duran mahalynda Waşingtonyň resmileri Eýranyň sebitdäki huzury barada zol şübhe döredip durandyrlar diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Mar 08, 2018 21:45 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçysy: EÝranyň sebitdäki huzury Amerika bilen Ýewropa ýetýän ýeri ýokdyr

Eýranyň Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy dünýäniň dürli künjeklerinde Amerikanyň pitne döredip duran mahalynda Waşingtonyň resmileri Eýranyň sebitdäki huzury barada zol şübhe döredip durandyrlar diýdi.

Eýranyň Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri şu gün Patma Zahra(s.a)niň dünýä gelen gününiň ýyllygy mynasybetli ähli beýti wasp edýän şahyrlaryň we şahsyýetleriň müňlerçesiniň duşuşygynda  Amerika we Ýewropa resmileriniň Eýranyň sebitdäki huzuryna garşy aýdan gürrüňleriniň jogabyndaEýran Yslam Respublikasy sebit meselelerine girişmek üçin Amerika bilen dälde sebit döwletleri bilen gepleşmelidir diýip beýan etdiler.

Eýranyň Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri şeýle-de her haçan Amerika barmakçy bolsak Waşingtonyň resmileri bilen gürrüň ededis diýip sözüne goşdylar.

Eýranyň Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretlerisözüniň dowamynda Eýranyň sebitdäki huzury barda Ýewropalylaryň gepleşik geçirmäge taýýarlyk yglan etmekleriniň jogabynda hem ýaňky gürrüňlerini gaýtalap bu meseläniň siz ýetýän ýeri ýokdyr diýip  nygtap geçdiler.

Eýran Yslam respublikasy sebit milletleri bilen gepleşik geçirýär, olar bilen karara gelýär, öňe gitýär we mundan beter hem öňe gitjekdir diýip Eýranyň Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri yglan etdiler.

Eýranyň Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda 40 ýyllap duşmanlaryň Eýran milletine garşy amala aşyran pitneleri we mekirli hileleri bilen bir wagtda yslam ynkylabynyň arassa agajynyň gülläp ösmegini buýsançly we allanyň merhemetiniň alamaty hasaplap Eýranyň duşmanlary näçe aý mundan ozal geňeş otaklarynda oturyşyp ýylyň soňky 3 aýy barada plan düzüp Eýran häkimiýetini ýykmaklygy ýadyna alandyrlar diýip nygtap geçdiler.