Mar 14, 2018 20:34 Asia/Ashgabat
  • gasemi: Eýranyň sebitdäki huzury sebitiň howpsuzlygyna kömek etmek üçindir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýranyň sebitdäki oenyna yşarat edip sebitde howpsuzlygyň berkarar edilmegine kömek etmek üçin Eýran sebitde huzurlydyr diýdi.

şu gün Bahram Gasemi Tehranda geçiren habar konferensiýasynda Amerikanyň prezidentiniň Eýrana garşy täze haýbat atmalaryna yşarat edip uly taryh we siwilizasiýadan paýly bolan Eýran dünýäniň dürli künjeklerinde oňaýly huzuryny dowam edip durandyr diýip yglan etdi.

düýn Donald Tramp Amerikanyň kaliforniýa ştadynda eden çykyşynda Ortagündogardaky bütin kynçylyklaryň aňrysynda Eýran bardyr diýip toslady.

Bahram Gasemi bu taslamany ret etmek bilen bir wagtda Eýran Yslam respublikasy Siriýa we Yrak döwletleriniň islegleri esasynda terrorizme garşy göreşmek ugurda olara goldaw berýändir diýip nygtap geçdi.

Tags