Jun 07, 2023 09:56 Asia/Ashgabat
  • AmirAbdollahian: Eýran Yslam Respublikasy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin köptaraplaýynlykdan peýdalanýar

Eýran Yslam Respublikasy, köptaraplaýynlygyň dürli çarçuwalaryndan, şol sanda BRICS toparyna we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza bolmak mümkinçiliklerinden hyzmatdaşlygy ösdürmek ugurda peýdalanar diýip Eýranyň Daşary işler ministri aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian, Eýrany çetleşdirmek boýunça global syýasatyň başa barmandygyny aýdyp Eýran birtaraplaýynlyga berk garşy çykýar we şol bir wagtyň özünde köptaraplaýynlygyň çäginde bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanýar diýip yglan etdi.

Tags