Mar 18, 2018 20:19 Asia/Ashgabat
  • Larijani:Eýranyň raketa meselesi barada gepleşik geçirilmez

Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani Ýewropa ýurtlary Eýranyň raketa meselesini ýadro ylalaşygyna gatyşdyrmaly däldirler we bu ylalaşyk baradaky borçlaryna amal etmegiň hemde Amerikany hem şu ugurda özleri bilen hemra etmegiň yzyndadyrlar diýip nygtady.

düýn Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani Tehranda Omanyň daşary işler ministri Ýüsüp Bin Alawi bilen geçiren duşuşygynda Eýranyň raketa işleri barada käbir ýurtlaryň alada galandyklaryna yşarat edip raketa tehnologiýasy 30 ýyl bäri Eýranyň erkindedir we täze mesele däldir we galy bersede Eýran hiç bir ýurda garşy raketa atan däldir diýip nygtady.

Ýüsüp Bin Alawi hem bu duşuşykda käbir ýurtlar Eýranyň goranyş we raketa işleri barada howatyr edýändirler emma bu mesele gaýgy eder ýaly däldir sebäbi sebitdäki durnuksyzlyklara garamak bilen Eýran hem howpsyzlyk çärelerini berkitmäge haklydyr diýip beýan etdi.

Omanyň daşary işler ministri şeýle-de Eýran bilen Omanyň söwda we ykdysady hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek ugurda gowy mümkinçilikleriň bardygyna yşarat edip bu hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini nygtady.

Tags