Raisi: Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin köp mümkinçilik bar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin köp mümkinçilik bar, we gol çekilen şertnamalaryň ýerine ýetirilişini çaltlaşdyrmak arkaly bu mümkinçilikler işjeňleşdiriler diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirzaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde bu ýurduň prezident saýlawlarynda gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady we täze döwrde Ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine umyt bildirdi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirzaýew hem Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gutlaglaryna ýokary baha berdi we Özbegistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky täze döwürde dürli ikitaraplaýyn we sebit ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek prosesi şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlyklar has güýçli we çynlakaýlyk bilen dowam etdirler diýip nygtady.