Eýranyň goranmak ministriniň ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan nebit ogurlanmagyna bolan reaksiýasy
Eýranyň goranmak ministri, Eýranyň nebit tankeriniň ogurlanmagyna we ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan nebitiň boşadylmagyna jogap hökmünde Amerikan hökümetiniň bu işi dünýäde hiç hili ýagdaýda kabul edilmeýän ogurlykdyr diýdi.
ABŞ-nyň Adalat ministrligi 19 aýdan soňra 8-nji sentýabrda "Suez Rajan" atly Eýranyň nebitini alyp barýan tankeri ele salandygyny tassyklady.
Eýranyň Goranmak ministri Amir Brigada Muhammet Reza Karaei Aştiani, Eýranyň ISNA Habar Gullugy bilen söhbetdeşlikde Amerikadan bu hilli hereketlerini bes etmegine we özlerini mundan beter gerptar etmezligine garaşýandyklaryny aýtmak bilen Eýran Pars aýlagynda Amerikan gämileriniň hereketiniň öňüni almak üçin strategiki we örän möhüm pozisiýa eýedir diýdi.
Eýranyň Goranmak ministri sözüniň dowamynda energetika geçiriji liniýalar Pars aýlag sebtinden geçýär we bu liniýalara Eýran gözegçilik edýär, şonuň üçin Eýranyň Amerikan nebit tankerlerini duruzmagy mümkindir diýip beýan etdi.