Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň arasyndaky duşuşyk
(last modified 2023-09-19T05:23:02+00:00 )
Sep 19, 2023 10:23 Asia/Ashgabat
  •  Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň arasyndaky duşuşyk

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Nýu-Yorkorkda duşuşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň oturylşygyna gatnaşmak üçin Nýu-Yorkorka baran Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterres bilen duşuşdy we pikir alyşdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti düýn, duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň 78-nji Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin ýokary derejeli syýasy wekiliýetiň başynda Nýu-Yorkorkdaky Jon F. Kennedi howa menziline bardy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda çykyş etmek, käbir döwlet baştutanlary bilen duşuşyk we daşarda ýaşaýan eýranlylaryň ýygnanyşygyndaky çykyş prezidentiň Nýu-Yorkorka sapary wagtynda meýilnamalarynyň arasynda bolar.

Baş Assambleýanyň ýyllyk ýygnaklary, iň möhüm halkara çäresi hökmünde, dünýä ýurtlarynyň ýokary wezipeli işgärleriniň köpüsiniň bolmagy sebäpli ikitaraplaýyn gepleşikleri üpjün edýän halkara syýasy geňeşmeler üçin amatly pursatdyr.