Ýolbaşçylygyň,Mukaddes goragyň garşylyk çäklerini giňeltdi diýip nygtamaklary
Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, Mukaddes goragyň garşylyk çäklerini giňeltdi diýip nygtadylar.
Şehitleriň maşgalalarynyň, suratkeşleriň, ýazyjylaryň we mukaddes goranmagyň weteranlarynyň we aktiwistleriniň ýygnanyşygynda, Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, territorial bitewiligi goramagy, ýurduň geografiki däl serhetleriniň giňeldimegini we dünýäde garşylyk düşünjesiniň we medeniýetini ýaýramagynyň Eýranlylaryň global zulumçylaryň we erbet Saddamyň garşysyna umumy goramagyň netijelerinden wasp etdiler.
Aýatolla Hameneýi Yslam Rewolýusiýasynyň we Yslam Respublikasynyň basylmagyny we ýok edilmegini, ýurduň böleklerini aýrylmagyny duşmanlaryň esasy maksady atlandyryp , "Beýik Yslam Rewolýusiýasy, bu täsin hadysadyr, sebäbi şol wagta çenli dünýäde dini hökümete-de, halka-da sebäp bolan rewolýusiýa bolmady we global zulum edenler bu täze sözi, Yslam respublikasyny we dini demokratiýany ýok etmek islediler we henizem şol bir maksady dowam etdirýärler diýdiler."
Ynkylapyň ýokary Deerejeli lideriniň belleýşi ýaly, Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşinden we global ulumsylyk deňlemeleriniň dargamagyndan soň, Eýran, duşmanlara we olaryň bölümlerine ýigrenç we duşmançylyk nyşanyna öwrüldi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Eýranyň beýleki duşmanlary sekiz ýyllyk söweşi,Yslam respublikasyna garşy ýola goýdylar .Bu Duşmanlar Saddamyň agressiw režimi goldamak bilen Eýrana garşy giň sanksiýalar girizdirdiler, hatda terrorçylyk hereketleri we garşylyk serkerdelerini şehit etmek ýaly hereketler bilen yslam rewolýusiýasyny ýeňmek üçin ähli güýçlerinden we dildüwşüklerinden peýdalanýarlar. Olar ,Yslam respublikasyny ýeňmek, izolirlemek we netijesiz etmek üçin dürrli işleri etdiler ýöne maksatlaryna ýetmediler.
Saddam režimi tarapyndan Eýran Yslam Respublikasyna garşy agalyk ediji ulgamyň başlatan söweşi giň maksatlary isleýärdi ýöne Yslam respublikasynyň ýykylmagy baradaky arzuw puç boldy.