Günbatar ýurtlarynyň Eýrana bolan garaýşyny Eslami tankytlady
Eýran Yslam Respublikasynyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Günbatar ýurtlarynyň çemeleşmesini tankytlamak bilen bu ýurtlar Eýrana basyş etmek üçin Agentligiň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar diýdi.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Muhammet Eslami we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi Halkara atom energiýasy gullugynyň konferensiýasynyň 67-nji ýyllyk ýygnagynyň çäginde duşuşdylar we Eýran bilen Agentligiň arasynda tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek barada söhbet etdiler.
Bu duşuşykda Eslami we Grossi Eýran bilen Agentligiň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu ýygnakda Eýran Yslam Respublikasynyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Günbatar ýurtlarynyň çemeleşmesini tankytlady we şeýle diýdi: "Bu ýurtlar agentligiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Eýrana syýasy basyş we sanksiýalar ulanmaga synanyşýarlar.
Ol şeýle-de Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdirinden bitaraplygy saklamagy bilen bu ýurtlara Eýrana basyş etmek üçin bahana hökmünde agentligiň hasabatlaryny ulanmagyna ýol bermezligi haýyş etdi.
Eslami, halka hyzmat etmek üçin ulanylýan Eýranda ýadro tehnologiýasynyň we senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini sanap geçmek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň bu mümkinçilikleri agentligiň meýilnamalaryna laýyklykda üpjün etmäge we dünýäniň beýleki ýerlerinde adamzada hyzmat etmäge taýýardygyny aýtdy.