Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilçiligi: Howpsuzlyk Geňeşiniň kararyna weto goýmak bilen Amerika Palestina garşy söweşiň dowam etmegine jogapkärdir
ABŞ-nyň Braziliýa kararyna weto goýmagyndan soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Waşingtonyň bu karara weto goýup palestinalylara garşy söweşiň dowam etmegine jogapkärdigini aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili çarşenbe güni Waşingtonyň Braziliýa tarapyndan Gaza zolagynda ot açyşlygy bes etmek baradaky teklibine x hasabynda jogap berdi we ABŞ-nyň prezidenti Jo-Baýdenyň we Ysraýyl režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň suratyny çap edip Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ynsanperwer kömegini talap edýän kararyna weto goýmak bilen, Ysraýyl aparteid režimiň palestinalylara garşy uruş jenaýatlarynyň, agressiýasynyň we nesil gyrgynçylygynyň dowam etmegi üçin ABŞ esasy jogapkärçiligi öz üstüne alýar diýip nygtady.