Nov 23, 2023 18:05 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian we Seýid Hasan Nasrollanyň sebitdäki wakalar barada maslahaty

ISNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Aabdollahian, Liwandaky maslahatlarynyň dowamy hökmünde Hizbullanyň Baş sekretary Seýid Hasan Nasrollah bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Bu duşuşykda Palestina, Liwan we sebit bilen baglanyşykly soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Düýn (çarşenbe) Beýruta gelen Amir Abdollahian, Liwanyň Mejlisiň başlygy, Palestina garşylyk toparlarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Liwanyň premýer-ministri bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Eýranyň Liwandaky ilçisi Mojtaba Amani, Amir Abdullahýanyň Seýid Hasan Nasrollah bilen duşuşygy barada şeýle ýazdy: Bu duşuşykda, Palestindäki, Liwanda we sebitdäki soňky wakalar, şeýle hem wakalaryň gidişine degişli mümkinçilikler, Ysraýylyň Gaza zolagyna hüjümini duruzmak üçin edilen tagallalar we bu taryhy we ykbal kesgitleýji wakada her kimiň jogapkärçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy diýdi.

Tags