Ynkylap lideriniň Eýranyň we Kubanyň bilelikdäki mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurlygyny beýan etmekleri
Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň belent mertebeli lideri , Kubanyň prezidenti Migel Diaz-kanel we oňa gatnaşýan delegasiýa bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň bilelikdäki gaznalaryna we mümkinçiliklerine ünsi çekdiler.
Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň belent mertebeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, Kubanyň prezidenti Migel Diaz-kanel we oňa gatnaşýan delegasiýa bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň bilelikdäki gaznalaryna we mümkinçiliklerine ünsi çekdiler. Eýran bilen Kubanyň bilelikdäki mümkinçiliklerine içerde we daşary syýasatda möhümdir:
Içerde, Eýran we Kuba rewolýusiýa meýilleri we keşbi bolan iki ýurtdyr. Şunuň bilen baglylykda, rewolýusiýanyň lideri Eýran bilen Kubanyň arasynda dogruçyllygyň, çydamyň we rewolýusiýanyň çynlakaýlygynyň üç umumy häsiýetine ünsi çekdip,22 ýyl ozal Kubanyň merhum lideri jenap "Fidel Kastro" bilen bolan duşuşygyny ýatladylar.Ol Hezretleri şeýle-de Kubaň rewolýusiýasy we jenap Kastronyň häsiýeti Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşinden öň hem Eýran ynkylapçylary üçin hemişe özüne çekiji bolupdy we munuň sebäbi ol merhum lideriň rewolýusiýa pozisiýalarynyň dogruçyllygy diýdiler .
Mundan başga-da, Eýran bilen Kuba halkara forumlarda we ylmy ugurda hyzmatdaşlyk edýärler. Yslam rewolýusiýasynyň lideri Migel Diaz-Canel bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň halkara forumlardaky hyzmatdaşlygyna ünsi çekip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda ylmy hyzmatdaşlykda has-da pugtalandyrylmalydygyny aýtdylar.
Daşary ýurtda Eýran bilen Kuba umumy häsiýetlere eýedir. Bu aýratynlyklaryň arasynda ABŞ-nyň iki ýurda garşy sanksiýalary bar. Eýran we Kuba ABŞ-nyň rehimsiz sanksiýalary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýene bir umumy aýratynlyk, Tähran bilen Gawananyň Amerikanyň birtaraplaýynlygyna we dünýä derejesinde ezijiligine garşylygydyr. Şonuň üçin Yslam Rewolýusiýasynyň lideri Amerikanyň sütemlerine garşy bileleşik ýa-da koalisiýa döretmegiň zerurdygyny aýtdylar. Kubanyň prezidenti hem iki ýurduň dürli ugurlarda birek-biregi dolduryp biljekdigini, esasanam ABŞ we onuň ýaranlarynyň interwensiýa hereketleri we sanksiýalary bilen iş salyşýandygyny aýtdy.
Iki ýurduň arasyndaky umumy bir aýratynlyk, käbir möhüm meseleler boýunça ýakyn we birmeňzeş pozisiýadir. Bu meseleleriň arasynda Palestina meselesi we Sionist režimiň Gaza zolagyna garşy alyp barýan häzirki söweşi bardyr. Eýran we Kuba, basyp alyjy režiminiň Gazanyň halkyna garşy eden jenaýatlaryny ýazgarmak bilen bir hatarda, bu jenaýatlary uruş jenaýatynyň mysaly hasaplap , Günbatar güýçleriniň we halkara guramalarynyň bu meselede dymmaklaryny tankytlaýarlar.