Eýranyň prezidenti: Gazadaky wakalar ikiýüzlüligiň perdesini Amerikanyň ýüzünden aýyrdy
(last modified Mon, 11 Dec 2023 08:30:19 GMT )
Dec 11, 2023 13:30 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti: Gazadaky wakalar ikiýüzlüligiň perdesini Amerikanyň ýüzünden aýyrdy

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Gaza zolagynda ot açyşlygyň bes edilmek kararynyň weto edilmegini gynandyryjy we Waşingtonyň palestina halkyny öldürmekdäki gönüden-göni rolunyň ýene bir resminamasy hökmünde hasaplady.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Hökümet Geňeşiniň ýekşenbe güni agşamky mejlisinde Gazadaky wakalar ikiýüzlüligiň perdesini Amerikanyň ýüzünden aýyrdy we Amerikan hökümetiniň rehimsiz, adama garşy we adamkärçiliksiz ýüzüni dünýä görkezdi diýdi.

Raisi şeýle-de häzirki wagtda bütin dünýä halkara arenasynda birtaraplaýynlygy bes etmegiň zerurdygyna düşünendir diýmek bilen milletleriň bu oýanmagy, elbetde, dünýäniň şertlerini üýtgetmek üçin esas bolup durýar, bu birtaraplaýynlygyň soňlanjakdygyny we dünýäde köptaraplaýynlyga esaslanýan adalatly ulgamyň dolandyryljakdygyny habar berer diýip sözlerine goşdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýerli wagt bilen geçirilen mejlisinde Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan teklip edilen karara ses berildi. Howpsuzlyk Geňeşiniň 13 agzasynyň bu karary tassyklamagyna garamazdan ABŞ Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasy hökmünde Birleşen Arap Emirlikleriniň teklip eden kararyny weto etdi.

Tags