Kanani: ABŞ-nyň hüjümleri Siriýanyň, Yragyň we Ýemeniň milli özygtyýarlylygyny bozmakdyr
(last modified Mon, 05 Feb 2024 13:20:31 GMT )
Feb 05, 2024 18:20 Asia/Ashgabat
  • Kanani: ABŞ-nyň hüjümleri Siriýanyň, Yragyň we Ýemeniň milli özygtyýarlylygyny bozmakdyr

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ak tamyň hereketleriniň ABŞ-nyň hökümetiniň jenaýaty dowam etdirmek üçin Ysraýyl režiminiň elini erkin goýmak isleýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýtmak bilen ABŞ-nyň Siriýa, Yraga we Ýemene edýän hüjümleri bu ýurtlaryň milli özygtyýarlylygyny bozýandyr diýdi.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani", Gazadaky Ysraýylyň jenaýatlary barada žurnalistler bilen hepdelik metbugat ýygnagynda, Halkara jemgyýetçiliginiň mundan beýläk çydam etmezligine we Kudsy basyp alan režiminiň palestina halkyna garşy alyp barýan söweş jenaýatlarynyň öňüni almak üçin esas taýýarlajakdygyna umyt bildirdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ we Iňlisiň Yraga, Siriýa we Ýemene guran harby hüjümleri we dartgynlygy azaltmagyň çözgüdi barada-da sözläp, krizisiň merkezi Sionist režiminiň ezilen palestina halkyna garşy Amerikan we Iňlis hökümetleriniň goldawy bilen gazaply söweşiniň dowam etmegidir we 122 günlük söweş we jenaýat äşgärdir, krizisiň merkezi Palestina bolup, çözgüt Ysraýyl tarapyndan uruş jenaýatyny we genosidi ýok etmekdir diýdi.

Kanani şeýle-de Amerika we Angliýa sebitde parahatçylygy saýlamagyň ýerine Ysraýyl režimini we bu režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň bähbitlerini saýlamagy halklaryň we hökümetleriň bähbitlerine ileri tutýarlar, emma Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Angliýanyň esasanam ýakynda eden hereketleri, olaryň sebite we çözgüt barada dogry düşünmeýändiklerini görkezýär diýdi.

Tags