Eýranyň Siriýadaky ilçisi: Sionist režimi Gazada hiç zat gazanyp bilmedi
Eýranyň Siriýadaky ilçisi uruş dowam etse, sionist režimi has köp adam, maddy we ykdysady ýitgileri çeker diýdi.
IRIB habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Siriýadaky ilçisi Huseýin Akbari, garşylygyň özboluşly we aýratyn bir güýçdigini we beýleki taraplara bagly däldigini aýtmak bilen garşylyk rasionallyga esaslanyp, sionist duşmanyň geljekde bolup biljek hereketlerini çaklap we analiz edip bilýär diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Siriýadaky ilçisi sözüniň dowamynda Sionist režimiň agressiýasynyň netijesinde Gaza zolagynda ýüz müň adamyň şehit we ýaraly bolandygyna üns bermek bilen, Sionist duşman garşylygyň, esasanam Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) urşy dowam etdirmäge doly güýjüniň bardygyny gaty gowy bilýändir şonuň üçin hem Sionist režimi syýasy gepleşiklere razy bolandyr diýdi.
Akbari şeýle-de, bu ýagdaýda sionist režimi içerde we halkara derejesinde abraýyny ýitirendir az zyýanlar bilen bu söweşden çykmak isleýär diýip sözlerine goşdy.
Şol bir wagtyň özünde, sionist habar beriş serişdeleri Ysraýylyň Gaza garşy söweşinden dört aýdan gowrak wagtyň geçendigini ykrar edip, Sionist esgerleriň syýasy ýolbaşçylaryň (Netanýahunyň kabineti) söweşi dowam etdirmegiň maksatlaryny kesgitläp bilmezligi sebäpli başçaşgyndyklaryny yglan etdiler.