Feb 13, 2024 14:53 Asia/Ashgabat
  • AmirAbdollahian: Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegi durnukly parahatçylygy giňelder

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri hytaýly kärdeşine ýüzlenip Tähran bilen Pekiniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegi sebitde we dünýäde dowamly parahatçylygyň we durnuklylygyň giňelmegine getirer diýdi.

Medeni alyş-çalyş we Hytaýyň we Eýranyň halkynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň uzyn taryhy bar we 2000 ýyldan gowrak wagtyň içinde iki ýurt birmeňzeş ýa-da ýakyn medeni däp-dessurlary döretdi, şol sebäpli medeni umumylyk Hytaý we Eýran halkyň ýüregini biri-birine baglady we iki ýurduň umumy ösüşine kömek etdi we geljekde bu iki ýurduň gatnaşyklaryny we dostlugyny güýçlendirer.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri we Döwlet Geňeşiniň agzasy Wang Yi ýüzlenip, Bahar baýramynyň we Hytaýyň Täze ýylynyň gelmegini gutlady.

Amir Abdollahian bu ýüzlenmesinde Eýran Yslam Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary wezipeli işgärleriniň ýolbaşçylygynda iki ýurduň hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy we olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň aýdyň we we geljegi uly ýolda durýandygyny we ondan kanagatlanarlydygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri gutlag hatynda Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we BRICS ýaly ikitaraplaýyn we halkara gatnaşyklaryň çäginde iki ýurduň arasynda geňeşmeleriň möhümdigini aýtdy.

Tags