Feb 24, 2024 13:35 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti, ballistik raketalary Russiýa satmak baradaky toslamany ret etdi

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti, käbir günbatar metbugatynyň ballistik raketalaryň Ukraina söweşinde ulanmak üçin Russiýa satylandygy baradaky aýdanlaryny ret etdi we Tähranyň Russiýa-Ukraina söweşini güýçlendirmekden saklanmaga borçlydygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti anna güni: "Balistik raketalary satmakda kanuny çäklendirmeleriň ýokdugyna garamazdan, Eýran ahlak ýörelgeleri esasynda Ukraiban- Russiýa urşunyň dowam edip duran mahaly urş oduny ölçermez ýaly ýarag söwdasynda saklanýandyr we bu bolsa halkara kanunlara we BMG-nyň jarnamasyna Eýranyň ygrarlydygyny mälim edýändir diýip yglan etdi.