Tähranyň juma ymamy: Gaza zolagyndaky palestinalylar ýeňiş gazandylar
(last modified Fri, 08 Mar 2024 12:44:52 GMT )
Mar 08, 2024 17:44 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň juma ymamy: Gaza zolagyndaky palestinalylar ýeňiş gazandylar

Tähranyň Juma namazynyň ymamy Gaza zolagynyň palestinalylary sionist režimiň jenaýatlaryna garşy ýeňiş gazandylar diýdi.

Tele-Radio guramasynyň habar gullugynyň habaryna görä; Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn hatyby Aýatolla Seýid Ahmad Hatami, şu gün Tähranyň juma namazynda sionist režimiň Gaza zolagynda eden jenaýatlaryny ýazgarmak bilen Gazadaky söweş wagtynda, Sionist režim we onuň tarapdary Amerika tarapyndan bu sebitde wagşylygyň we jenaýatyň ýokary derejesine şaýat bolýarys we beýleki tarapdan, biz Gaza halkynyň garşylygyna hem şaýat bolýarys, emma Gazanyň halkynyň bu ugurda ýeňiş gazanjakdygyna we sionist jellatlaryň ýakyn wagtda ýok ediljekdigine ynanýarys diýdi.

Sionist režim goşunynyň soňky bäş aýda Gaza zolagyna eden hüjümlerinde takmynan 31,000 palestinaly şehit boldy we 72,000-den gowrak adam ýaralandy.

Halkara jemgyýetçiligi Gaza zolagynda ýaraşyk döretmek isleýär, ýöne sionist režim we ABŞ bu sebitde ýaraşyk şertnamasynyň döredilmegine garşydyrlar.

Tähranyň Juma namazynyň hatyby çykyşynyň beýleki böleginde Eýran Yslam Respublikasynyň radio we telewideniýesine Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň 12-nji tapgyryny we Ýolbaşçylyk Bilermenleriniň Assambleýasynyň saýlawlarynyň dogry we wagtynda beýan edendigi üçin minnetdarlyk bildirmek bilen saýlawlara 41% gatnaşmak bilen Eýranyň halky duşmanlaryna güýçli zarba urdy diýdi.

Aýatolla Hatami sözüniň dowamynda saýlawlaryň hakyky ýeňijileri Eýranyň halkydydyr we hakyky ýeňilenler Eýranyň halkynyň duşmanlary we has pes saýlawlara garaşýan taraplarydyr ýöne halkyň hüşgärligi sebäpli umytlary puja çykdy.