Mar 18, 2024 17:09 Asia/Ashgabat
  • Raisi Putini Russiýadaky saýlawlarda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Wladimir Putini" Russiýanyň prezident saýlawlarynyň ýeňşi bilen gutlady.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi duşenbe güni eden çykyşynda Wladimir Putini aýgytly ýeňşi we Russiýanyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, bu habary dowam etdirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösýän tendensiýasyna kanagatlanýandygyny aýtdy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmäge ünsi çekdi.

Soňky 25 ýylda häkimiýet başynda bolan 71 ýaşly Putin, Russiýanyň prezidenti wezipesinde ýene alty ýyl oturar.

Tags