Apr 05, 2024 15:07 Asia/Ashgabat
  • Bütindünýä Kuds güni; Yslam dünýäsiniň oýanma güni

Şu gün, 2024-nji ýylyň 5-nji apreli (1403-nji ýylyň 17-nji Farwardin) 1445-nji ýylyň Remezan aýynyň 25-sine gabat gelýän Bütindünýä Kuds günidir.

Mukaddes Remezan aýynyň soňky anna güni, Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýniniň (RA) başlangyjy bilen Bütindünýä Kuds güni diýlip atlandyryldy.

Musulman halky mukaddes Remezan aýynyň soňky anna gününi Bütindünýä Kuds güni diýip atlandyrandan soň, Palestina meselesine ezilen halklary goldamagyň zerurlygy hökmünde seredýär.

Palestina meselesi Yslam dünýäsiniň iň möhüm meselesidir we hiç wagt ünsden düşürilmeli däldir, şonuň üçin Eýran Yslam Respublikasy, dünýäniň ezilen halklaryny goldamakda öňdebaryjy hökmünde ezilen Palestina halkyna goldaw bermegi esasy mesele hasaplamagy dowam etdirýär şeýle hem, palestinalylar we bu topragyň asyl eýeleri tarapyndan öz ykballaryny kesgitlemek hukugynyň ýörelgesine ünsi çekýär.

Sionist režimiň 7 onýyllykdan gowrak taryhy süteminiň tejribesi Al-Kudsy basyp alyjylaryň ezilenleriň hukuklaryna asla üns bermeýändigini görkezýär we bu ýagdaýy bes etmegiň ýeke-täk ýoly, basyp alyjylary halkara hukugyna boýun bolmaga mejbur etmek üçin global erkiň garşylygyny we göreşini dowam etdirmek we Palestina halkynyň öz ykbalyny kesgitlemek ýörelgesine eýermekdir diýdi.

şonuň üçin; Bütindünýä Kuds güni diňe bir bu basybalyjylygy ýazgarmak üçin hereket däl, eýsem musulman halkynyň dürli ulumsylyk meýilnamalaryna garşy oýanmagynyň alamatydyr we olaryň başynda Amerika, Ysraýyl we sebitdäki ýaranlary bardyr.

Mukaddes Remezan aýynyň soňky anna gününiň gelmegi bilen, Eýranda we beýleki yslam ýurtlarynda agyz bekli musulmanlar ýygnanyşyklara we ýörişlere gatnaşyp, Kuds gününi hormatlaýarlar.

Bu ýyl Bütindünýä Kuds güni öňki ýyllardan tapawutlanýar, sebäbi şu ýyl Gaza zolagynyň ezilen we güýçli halky soňky ýedi onýyllykdan tapawutlylykda 6 aýdan gowrak wagt bäri Sionist režiminiň jenaýatlaryna garşy durup gelýärler we şu wagta çenli bu sebitiň ezilen halkyndan 33,000-den gowrak adam şehit boldy, bu bolsa bütin dünýädäki adamlary genosid Ysraýyl režiminden we Günbatar tarapdarlaryndan we olaryň başynda Amerikadan bizar edendir.