Apr 09, 2024 17:30 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti, Sionist režimiň Gaza zolagynda edýän jenaýatlarynyň we öldürmeleriniň duruzulmagyny nygtady

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gazna zolagynda we Palestinde sionist režimiň jenaýatlaryny we öldürilmegini duruzmak üçin ýurtlaryň we yslam döwletiniň hyzmatdaşlygyny we täsirli tagallalaryna ünsi çekdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi sişenbe güni Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Reşidiň telefon jaňyna jogap edip, Fitr baýramy mynasybetli Yrak halkyny we hökümetini gutlamak bilen häzirki wagtda Eýranyň we Yragyň, Yslam dünýäsi we dünýäniň ähli erkin adamlarynyň iň möhüm meselesi, sionist režimiň Gazadaky palestinalylara garşy görlüp-eşidilmedik jenaýatlary we wagşylyklary sebäpli dörän çuňňur gynançdyr diýmek bilen ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, ezilen, çydamly we güýçli halkyň öldürilmegini we genosidini duruzmak üçin ähli musulmanlaryň we dünýäniň azat adamlarynyň çynlakaý dini we adam jogapkärçiligine ünsi çekdi.

Raisi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Bileleşiginiň Gazadaky wakalar bilen baglanyşykly bilelikdäki ýygnagyndan 6 aý töweregi wagtyň geçendigini aýdyp, ähli halkara ýygnaklarynyň we edaralarynyň, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň täsirinden nägileligini bildirmek bilen, ýurtlaryň we Yslam ymmatynyň hyzmatdaşlygy we täsirli tagallalary bilen Sionist režimiň Gazadaky we Palestindäki jenaýatlarynyň we öldürmeleriniň bes edilmegine ünsi çekdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, giň medeni we siwilizasiýa umumylyklaryna we çuňňur taryhy köklere esaslanýan Eýran bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, "Abdul Latif Raşid" Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, prezidenti, milleti we Eýranyň hökümetini Fitir baýramynyň gelmegi bilen gutlamak bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary güýçli we çuň we iki ýurduň bähbitlerine laýyk diýip häsiýetlendirmek bilen Yrak hökümeti, iki ýurduň arasynda hyýanatçylaryň dildüwşügine garamazdan iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge synanyşmalydygyna ynanýandygyny mälim etdi.

Yragyň prezidenti şeýle-de Sionist režimiň Gazanyň ezilen palestinalylaryna garşy edýän jenaýatlarynyň dowam etdirilmegine, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi ýaly halkara guramalarynyň üsti bilen bu jenaýatlary duruzmak synanyşygynyň şowsuz bolmagyna gynandy, we käbir ýurtlaryň weto hukugy ýaly gurallara ýüz tutýandygyna salgylanyp, käbir ýurtlar bu meseläniň düýpli çözgüdini gözlemeýärler eýsem has çylşyrymlaşdyrmagyň yzyndadyrlar, şonuň üçin Yslam ýurtlarynyň Palestina meselesini çözmek we bu ezilen halkyň öz hukuklaryna ýetmegi üçin amaly meýilnama gözlemegi zerurdyr diýdi.

Tags