Aragçi: Eýran-Yrak gatnaşyklary strategikidir
Eýran bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki we artykmaçlykdygyny mälim eden Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran bilen Yragyň arasyndaky şertnamalaryň ýerine ýetirilmegini we Tähran bilen Bagdadyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňelmegini hut özi yzarlaýar diýdi.
Sahab guramasynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi ýekşenbe güni Yragyň Milli howpsuzlyk geňeşçisi Gasem al-Aarji bilen bolan duşuşygynda Tähran bilen Bagdadyň arasyndaky ähli gatnaşyklaryň örän gowydygyna salgylanyp, howpsuzlyk pudagynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny örän möhüm hasaplady we bu ösüşiň, esasanam ykdysady ugurda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine alyp barjakdygyny aýtdy.
Bu duşuşykda Aragçi Eýran bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiki we artykmaçdygyny we Yragyň howpsuzlygyny Eýranyň howpsuzlygy diýip hasaplaýarys diýmek bilen, howpsuzlyk şertnamasynyň doly ýerine ýetirilmegi bilen iki ýurduň serhetýaka sebitlerinde durnukly howpsuzlyk üpjün ediler diýip umyt edýäris diýdi.
Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy sözüniň dowamynda şeýle-de Eýran we Yrak, iki musulman ýurt, dogan we goňşular hökmünde serhet howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň kölegesinde sebitde ikitaraplaýyn derejede artykmaç gatnaşyklardan peýdalanýarlar diýdi.
Yragyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Gasem al-Aarji, bu duşuşykda Eýranyň howpsuzlygyny öz howpsuzlygy hasaplaýandygyny we Eýrana garşy islendik çärä merkezi hökümet we Yragyň Kürdüstan sebiti tarapyndan çäre görüljekdigine ynandyrdy.
Aragçi we Al-Aarji, şeýle hem Gazadaky we Liwanda bolup geçen soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar we Yslam ýurtlarynyň arasynda Gazada we Liwanda sionist režimiň uruş jenaýatlaryny gysga wagtda duruzmak üçin has köp tagallalary we birleşmegi talap etdiler we bosgunlara ynsanperwer kömegini ibermegi nygtadylar.