Apr 14, 2024 12:16 Asia/Ashgabat
  •  Eýranyň Ysraýyla garşy ar alyş hüjümlerinden soňky Sepah Pasdaranyň bildirişi

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy, basyp alnan ýerlerde sionist terrorçylyk goşunynyň möhüm harby nyşanalarynyň ýok edilmegine ünsi çekip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Sionist režimiň haýsydyr bir ýurtdan Eýran Yslam Respublikasyna garşy howp abandyraýsa garşylykly jogap beriljekdigini aýtdy.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy beýannama ýaýratdy we Eýran Yslam Respublikasynyň strategiki syýasatlary esasynda ABŞ-nyň terrorçy hökümetine Eýranyň bähbitlerine zyýan bermekde islendik goldawyň we gatnaşmagyň aýgytly we ökünçli jogap berjekdigini duýdurdy. Şeýle hem, Sionist režimiň erbet hereketleri üçin ABŞ jogapkärdir we sebitdäki bu çaga öldürýän režimi çäklendirmese, netijelerini kabul etmeli bolar diýip ýaňky beýannamanyň dowamynda yglan bolandyr.

Ýurdumyzyň çäginiň bir bölegi hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümine edilen hüjümden we ýurduň ýedi hukuk geňeşçisiniň şehit bolmagyndan we halkara jemgyýetçiliginiň bu bikanun herekete jogap bermezliginden 10 gün soň 14-nji aprel, ýekşenbe güni irden Yslam Rewolýusiýasynyň Gorag Korpusy Ol basyp alyjy ýerlere pilotsyz we raketa atyp, bu elgatyjy režimi jezalandyrmaga synanşdy.