Özbegistanyň prezidenti: Eýran uly ykdysady mümkinçilikleri bolan güýçli ýurtdyr
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysady, medeni we intellektual mümkinçilikleri bolan güýçli ýurtdygyny aýtdy.
ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Özbegistanyň prezidenti "Şawkat Mirziýoýew" sişenbe güni Eýranyň Özbegistandaky täze ilçisi "Muhammet Ali Eskandari" bilen bolan duşuşygynda Özbegistan bilen Eýranyň arasyndaky häzirki gatnaşyklar birnäçe müň ýyllyk taryhy köklerden gözbaş alýar we iki ýurduň ýokary wezipeli işgärleriniň saparlary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň täze bölümini alamatlandyrdy diýdi.
Özbegistanyň Prezidenti Daşkentiň Tähran bilen magdan, energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy, saglyk we lukmançylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini aýtdy.
Eýranyň Özbegistandaky täze ilçisi "Şawkat Mirziýoýewe" şahsyýetnamasyny gowşurdy we Eýran hökümetiniň syýasatlarynyň sebitdäki goňşular we ýurtlar bilen iň ýokary derejede aragatnaşyk saklamakdygyny aýtdy.
Soňky iki ýylda gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen Eýran bilen Özbegistanyň häkimiýetleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli dowam etdi.