Germaniýanyň ilçisi: Berlin Tähranyň Ýewropanyň iň uly ykdysady hyzmatdaşydyr
(last modified Tue, 03 Jun 2025 15:19:56 GMT )
Jun 03, 2025 20:19 Asia/Ashgabat
  • Germaniýanyň ilçisi: Berlin Tähranyň Ýewropanyň iň uly ykdysady hyzmatdaşydyr

Germaniýanyň Tährandaky ilçisi ähli oňyn we peselişlere garamazdan Eýran bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar henizem üýtgewsiz we bu ýurt Eýranyň Ýewropa ýurtlarynyň arasynda iň uly ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä, Germaniýanyň Tährandaky ilçisi Markus Potzel, Eýranyň Söwda palatasynyň başlygy Samad Hassanzadeh bilen bolan duşuşygynda Eýranda dag-magdan, senagat we oba hojalygy pudagynda möhüm ykdysady mümkinçilikler bar we Eýran dürli mümkinçilikleriň we çeşmeleriň barlygy taýdan dünýäniň iň uly 10 ýurdunyň biri hökmünde ykrar edilýär diýdi.

Germaniýanyň Tährandaky ilçisi şeýle-de tebigy baýlyklardan başga-da, eýran halkynyň bilim we akyl derejesi hem gaty ýokarydyr diýdi.

Bu duşuşykda Hassanzadeh hem Germaniýanyň ilçisiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak baradaky oňyn garaýyşlaryndan kanagatlanýandygyny aýtmak bilen Germaniýa, Eýranda senagat pudagynda we daşary ýurt maýadarlarynyň huzurly bolmaklary üçin şertlere eýedigini nygtady.