May 09, 2024 15:17 Asia/Ashgabat
  • Eýran Halkara Jenaýat Kazyýetine abanýan howplary we basyşy tankyt etdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, ABŞ-nyň Kongresiniň we Senatynyň käbir wekilleri tarapyndan Halkara Jenaýat Kazyýetiniň prokurorlaryna we kazylaryna abanýan howplaryň we basyşlaryň ulanylmagy utandyryjy we aladalandyryjydyr diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" "X" sosial ulgamynda ABŞ Kongresiniň we ABŞ Senatynyň wekilleriniň toparynyň Halkara Jenaýat Kazyýetiniň prokurorlary we kazylaryna haýbat atmak we basyş etmekden maksadynyň Sionist režimiň häkimiýetleri we harby serkerdeleri tarapyndan uruş jenaýatlary we genosid üçin eldegrilmesizlik gazanmakdyr we bu utandyryjy we aladaly hereketdir diýip ýazdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de, Halkara Jenaýat Kazyýetiniň prokurorlarynyň we kazylarynyň işine ýakymsyz gatyşmak, Halkara Jenaýat Kazyýetiniň uruş jenaýatçylaryny jezalandyrmak maksadyna we pelsepesine ters gelýän howply prosedura döreder we şeýle howplara garşy global dymmak adalatyň durmuşa geçirilmegine päsgelçilik döretmekden başga Palestina halkyna garşy jenaýatlaryň dowam etmegine sebäp bolýar diýdi.

ABŞ Kongresiniň birnäçe respublikan agzasy, Gaaga kazyýeti sionist režim işgärlerini tussag etmek barada karar çykarsa, Jeza kanuny bu hukuk edarasynyň ýolbaşçylaryna garşy gozgalar diýip yglan etdiler.

Tags