May 13, 2024 15:28 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň Owganystandaky terrorçylyk howpuny ýokarlandyrmakdaky roly

Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Amerikanyň Owganystandaky barlygyny howpyň, durnuksyzlygyň, terrorçylygyň köpelmegine we neşe serişdeleriniň öndürilmegine sebäp boldy diýip hasaplady.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary "Ali Bageri Kani", Tähranda Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky wekili "Roza Otunbaýewa" bilen duşuşanda Amerikanyň Owganystana giren wagtynda bu ýurduň şertlerini, Amerikanyň bu ýurtdan giden wagtyndaky şertleri bilen deňeşdirip, Halkara guramalaryň çemeleşmesi, owgan halkyň bähbitlerini üpjün etmekde we halkynyň ýaşaýyş şertleriniň we abadançylygynyň howpsuzlygyny, ösüşini we gowulaşmagyny üpjün etmegi ileri tutmalydyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary, daşary ýurtlarda şol sanda Eýranda bilim alan we öwrenen owganlaryň, Owganystana gaýdyp gelmegi we bu ýurdy gurmak üçin olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin zerur şertleriň taýýarlanmagyny aýtdy.

Bageri Kani şeýle-de, soňky iki onýyllykda Owganystanyň we sebitiň halkyna ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak üçin Günbataryň, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň jogapkärçiligine ünsi çekmek bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ornaşdyrmakda konstruktiw rol oýnamagyny we şeýle hem bu etapda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ornuny tutup bolmajak roluna we mümkinçiliklerine ünsi çekdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystan boýunça wekili sebit we sebitden daşary ýurtlaryň Owganystanyň ösüşine we durnuklylygyna kömek etmekdäki pozisiýalarynyň utgaşdyrylmagyna ünsi çekmek bilen,bir tarapdan, olaryň arasynda konstruktiw hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek we beýleki tarapdan Owganystanyň wagtlaýyn hökümeti bilen özara gatnaşyk gurmak üçin Eýran Yslam Respublikasyndan kömek sorady.